SadaPlast

“Sada Usul” HK

“Sada Usul” Hususy Kärhanasy 2015-nji ýylda döredildi.
Häzirki wagtda “Sada Usul” Hususy Kärhanasy ýurdumyzyň gurluşyk senagatynda köp ugurly hyzmatlary ýerine ýetirmek, esasan hem binalarda ulanylýan arassa hem lagym suw turbalaryny öndürmekligi amala aşyrýar. Kärhana türkmen bazaryny dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli we amatly bahaly önümler bilen üpjün etmek, haryt bolçulygyny döretmek maksady bilen dünýäniň ösen tejribesini ulanýar.
Umumy Maglumatlar

Sadaplast lagym suw turbalarynyň önümçiliginde Ýewropanyň iň ýokary hilli çig mallary ulanylýar. Polipropilen we mineral goşundylaryň garyşygyndan emele gelýän hususy formulasy bilen bilelikde Germaniýa tehnologiýalaryndan hem peýdalanylmagy netijesinde ýokary hilli, fiziki gurluşy berk turbalaryň önümçiligi amala aşyrylýar.

Sadaplast lagym suw turbalary kottežler we köp gatly binalaryň, hassahanalaryň, mekdep okuw jaýlarynyň, otelleriň we şular bilen bir hatarda senagat binalarynyň gurluşygynda ulanylmak bilen ekologiki tarapdan, her hili ýagdaýlarda öz fiziki gurluşyny saklamak taýdan, binalardan geçýän lagym suwlaryny hiç hili syzdyrmaýandygy sebäpli binalaryň bitewiligini saklamak ugrunda oňyn netije berýändir.

Sadaplast lagym suw turbalary Ýewropanyň DIN 1451-1 standartyna görä öndürilip ýerli TDS 645-2015 standarty bilen sertifikatlaşdyrylandyr. Sadaplast turbalary aňsatlyk bilen montaž edilip bilinýändigi, korroziýa döretmeýändigi, içki we daşky ýüzleriniň ýylmanakdygy, aýratyn serwis işleri gerekmeýändigi we şol bir sanda bakteriýa we hapa yslaryň döremeginiň öňüni alýandygy sebäpli ýaşaýyş şertleriňizin ýokarlanmagyny döredýär.

Sadaplast lagym suw turbalary 50-110 mm daşky diametri we 150-6000 mm aralygyndaky uzynlyklary bilen islendik görnüşdäki harajatlaryňyzy amala aşyrmaga ýardam berer. Bu lagym suw turbalarynyň muftasy üçin hususy rezini bardygy sebäpli syzmalar bolmaz, montaž işleri tizlik bilen ýerine ýetiriler, kesmek, ýapyşdyrmak ýaly işler düýbünden gerek bolmaýar.

Hil Sertifikatlarymyz

Sadaplast lagym suw turbalarynyň önümçiliginde hiç hili zyýanlykly himiki maddalar ulanylmaýar. Çig maly dünýäniň iň tanymal hem ýokary hilli öndürijileri bolan SABIC, BASELL ýaly zawodlardan alynýar we her getirilen çig malyň hili sertifikatlaşdyrylýar.
wrapkit
SadaPlast by Devebolt © 2018 All rights reserved.
55, Arçabil şaýoly,
Aşgabat, Türkmenistan
8.00 - 18:00
+993 (12) 21 64 35
+993 (64) 63 98 06