SadaPlast

Sadaplast Turbalarynyň Montaž Usuly

1. Proklatkanyň geýdirilýän kysmyna islege görä suwuk sabyn we ş.m. ýaglaýjy çalynýar. Turbanyň mufta dakyljak ýeri gowy arasslanmalydyr.

2. Turbanyň mufta girjek ýeri hem ýaglaýjy jisim bilen ýaglanylýar we turba geýdirilýär.

3. Şunuň bilen turbanyň birikdirilişi tamamlanýar.

Proklatkanyň Dakylyş Usuly

Turbanyň muftasy we proklatkanyň geýdirilýän kysmy tozan, nem we ş.m. jisimlerden süpürilip arassalanmaly. Proklatkanyň dyrnakly tarapy arassalanan mufta ýerine, ýaňagy hem turbanyň ortasyna geljek şekilde ýerleşdirilmeli. Şunuň bilen proklatka ýerleşdirilişi tamamlanýar.

Hamut Dakylyş Usuly

* Hamut turbanyň gurnaljak ýerine berkidilmeli.

* Turba hamuda geýdirilmeli we hamudyň agzy birikdirilmeli.

* Şunuň bilen hamut dakmak tamamlanýar.

Hamut Aralyklary

Lagym suw tubalarynyň gurnalyş işlerinde maslahat berilýän hamut aralyklary 1 metr bolmaldyry.

Montaž Işlerinden Soňra Barlag

Bina içindäki lagym suw turbalarynyň gurnama işleri gutaranyndan soňra ulgamyň içinden erkin ýagdaýda suw akdyrylyp hemme birikdirilen nokatlaryň syzdyrmaýandygy barlanmaldyry.

Sadaplast Lagym Suw Turbalarynyň U-Testi

Sadaplast lagym suw turbalary ulgama 15 minudyň dowamynda 0.5 atm basyş bilen edilen syzdyrmazlyk testlerini üstünlikli tamamlandyr.

U-Testi turbalaryň önümçiligi esnasynda edilýär. Turbalar beýikligi azyndan 5 metr boljak şekilde U şeklinde gurnalýar. Gurnalan U şekilindäki ulgama erkin ýagdaýda suw goýberilip göwresi we birleşdirilen nokatlary syzdyrmalara garşy barlanylýar.

wrapkit
SadaPlast by Devebolt © 2018 All rights reserved.
55, Arçabil şaýoly,
Aşgabat, Türkmenistan
8.00 - 18:00
+993 (12) 21 64 35
+993 (64) 63 98 06